MEDENIÝET

Burak Özçiwit «Gorkut ata» kino festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Gazagystanyň Aktau şäherinde «Gorkut ata» kino festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu festiwala Türkmenistanyň döredijilik topary hem gatnaşýar.

Türki dünýäsiniň arasynda kino sungatyny ösdürmäge uly goşant goşýan bu festiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň hem-de Özbegistanyň milli kino guramalaryň wekilleri, meşhur aktýordyr aktrisalar we sungat işgärleri gatnaşýar.

Bu gezekki festiwala Tükriýäniň tanymal aktýorlaryndan Burak Özçiwit hem gatnaşýar. Bilşiňiz ýaly, bu aktýor Türkmenistanda geçirilen “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwala hem gatnaşypdy.

Halkara türk medeniýeti guramasy –TÜRKSOÝ guramasynyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu festiwal 5-nji gezek guralýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda bu festiwaly Türkmenistan kabul edipdi.

Festiwal öz taryhynda Stambulda, Bursada, Şuşada we Änew şäherinde geçirilipdi, şu ýyl bolsa estafeta ilkinji gezek Gazagystana geçdi.

Dabaraly açylyş Aktaudaky Dostluk öýünde geçirildi. Ol režissýor Duman Ýerkimbegiň ilkinji doly metražly işi bolan “Gaýtadan” atly filminiň görkezilişi bilen başlandy.

Festiwalyň maksatnamasyna kino sungatynyň öňdebaryjy işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary, kino sammiti, bäsleşikli we bäsleşiksiz filmleriň görkezilişi, şeýle hem Mangistau welaýatynyň tebigy gözelliklerine gezelençleri öz içine alýan medeni maksatnama girýär.

Ýapylyş dabarasy we ýeňijileri sylaglamak 4-nji oktýabrda geçiriler.

Emin agzalary «Iň gowy çeper film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy ssenariýa», «Iň gowy aktrisa» we «Iň gowy aktýor» diýen ugurlarda ýeňijileri kesgitleýär.

Mundan başga-da, «Türk medeniýetine goşandy üçin» ýörite TÜRKSOÝ baýragy gowşurylar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy