JEMGYÝET

Bu ýylky «Brit baýraklaryna» tomaşaçylar goýberiler

Dünýäniň iň meşhur dabaralarynyň biri bolan «Brit baýraklary» bu ýyl tomaşaçylar bilen bilelikde geçiriler. Dabara 11-nji maýda London şäherindäki «O2 Arenada» geçiriler.

Aslynda, bu dabaralar meýdanyna 20 müň tomaşaçy sygýar. Ýöne pandemiýa sebäpli 4000 tomaşaça girmäge rugsat berler.

Komediýanyň dünýä meşhur ýyldyyz Jek Waýtholuň alyp barjak dabarasyna gatnaşyjylardan örtük dakynmak we bellenen aralygy saklamak talap edilmez. Ýöne hemmeler koronowirus barlagyndan geçmeli bolar. Dabarada Arlo Parks, Griff, Dua Lipa ýaly dünýä meşhur ýyldyzlaryň hem çykyş etmegine garaşylýar.

Dabarany tomaşaçylar bilen bilelikde geçirmek Londonyň ýolbaşçylarynyň taslamasynyň çäginde alnyp barylýar. Olar şeýle taslamalar bilen pandemiýadan soňra assa-ýuwaşdan iri çärelere girişmegi maksat edinýärler. Şeýle hem taslama urlan waksinalaryň ýapyk ýerdäki dabaralarda niçik güýje eýe bolup bilýändigini görkezer.

MakGregor futbol toparyny satyn almak isleýär

 

 

Ýene-de okaň

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek maslahatlaşyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler