Hekaýa
Indi köp-köp ýyllardan bäri, sary sähralaryň içinde─gök asmanyň sähralar bilen birigýän ýerinde bir aýdym ýaşaýar. Sähralar ony, her-nä agyr kerwen uzak ýola çykan mahaly ýatlaýa…
***
Parzdepedäki üýşmeleňe adamlar çakylyga däl-de, kelleleriniň keýpine barýardylar. Bu gün goja Alp agtygyna uly dänýäni görkezmek üçin uzak ýola pata berýär. Muňa bütin Parzdepe begenýär. Diňe oglanyň ejesi sesini çykarmasada, oglunyň-ýalňyz zürýädynyň uç-gyraksyz, tükeniksiz ýola ýeke özüniň gidýänine gynanyp, pyşyrdy bilen oglunyň atasyna bir zatlar diýip boýurganýa.
─Şeýle uzak ýola, ýeke özüni ýollar ýaly, entek ol on dördem ýaşanog-a…
Goja Alp hamana şeýle sözüň aýdylaryna garaşyp duran ýaly, parahat ýöne düşnükli edip jogap berýär.
─On üç ýaşan, oglan däldir… Oguzdyr…
Ol şeý diýip, bilindäki ýaglowy misden ýasalan şyrmaýy saply oguz gezligini bir gyrada şu gürrüňleri edip duran agtygynyň biline gysdyrdy. Bu düşnüklidi. Biline hanjar dakynan ogzuň ýaşy soralmaýar. Bu köneden─ ata-babalardan gelýän oguz ýörelgesi. Ony hemmeler bilen bile oglanyň ejesem bilýär. Ýöne uly ýürek─ene ýüregi şeýled-ä… Ol perzendini gowy görsede şeýdýä, gabansada.
Oglan gara gulak, gök ineriň başyna idip ugrandan, dyz düwmedir, jaň owazlanyp başlady. Bu mährem ses duranlaryň hemmesiniň hat-da, goja Alpyňam ýüregini sarsdyrdy. Neneň sarsmasyn. Ol özüniň uzyn ömrüni, şo sese ýüregini gopduryp ýaşapdy. Häzirem onuň agtygynyň yzyna düşüp, uly dünýä çykyberesi gelýär.
Kerwen jaňynyň sesi, oglany uzak ýola ýollamaga gelenlerede jan giren ýaly etdi. Olar barha daşlaşyp barýan oglanyň─uly dünýäniň içinde, terslin-oňlyn ädim ätjek ýaşajyk kerwenbaşynyň yzyndan seredişip, ata-baba däp bolup gelýän kerwen syrynyň syrly çözgüdine garaşýardylar. Syr şeýledi. Eger kerweniň başyny çekip, ilkinji gezek, uzak ýola düşen kişi garadan saýlanýança yzyna garanjaklaman gitse, ondan azajygam bolsa tama ederdiler. Obadan çykmanka yzyna garap, ýalt-ýultyny köpeldiberse, oňa kän bir pitiwa edilmezdi.
Ýigdekçe obadan çykmanka, ilki erkeginiň başyny guýa tarap sowdy. Özem parzdepelleriň ýörelgesini eýerip─Parzdepede atly ýa erkekli ýola çykylsa guýa çenli idilip äkidilýär. Bu oba bolan hormat─erkege münmän idip äkitdi. Düýäni suwdan mazaly gandyransoň, gum depeleriniň arasyndan öwrüm edýän uly ýola düşdi. Ýol gyýtaklap uly dünýäniň içine siňip gidýärdi.
Şemal oba tarapdan öwsensoň, entegem Parzdepe tarapdan gürrüňçiligiň sesi gelip durdy. Ýigdekçe kimiň näme gürleýänini saýgaryp bilenokdy. Ýöne obadaşlarynyň hemmesi bir zat hakda─dostluk hem dogruçyllyk barada gepleýän ýaly bolup görünýärdi. Ana, ýaş gyzyň çekinjeň gülküsem eşidilen ýaly boldy. Ýene birem bir zat diýip duranlary gülüşdirdi. Üzlem-saplam bolup, şemalyň ykjadyp getirýän sesleriniň hemmesinde, nebsi agyrma mahsus bolan ybadata meňzeş asuda gamgynlyk duýulýardy.
***
Ýigdekçe bu uly dünýä aralaşýan ýol bilen─hemmeleriň atlandyrşy ýaly ýüpek ýol bilen öňem telim ýola gatnapdy. O döwürler ol oglantagyrakdy. Onsoňam ýanynda atasy bardy. Atasy ýanyndaka hiç haçan gutarmajak ýaly bolup görünýän tukat ýollaram hezildi. Hat-da hiç kim bilmez öýtseň, çalaja oglan gudumanlygyny edäýseňem bolýardy. Bardy-gelli garagollugyň üçin käýinäýselerem, gülüp käýýärdiler.
Häzir onuň ýalňyz özi. Ýok. Edil beýle-de däl. Gara gulak, gök inerdir, guýrugynyň tüýi düşen garry köpek Baltagam ýanynda.
Ýigdekçe häzir Adyrabada─mundan ylaýjak kyrk bäş günlük ýola baryp gelmeli. Bu uly synagdy. Eger ýoluňy-yzyňy ýitirmän, sag-salamat dolanyp gelseň saňa uly kerweniň─ata-baba kerwen başyny çekip gelen alplaryň şu güne çenli aýap kem pugta saklap gelýän ilkinji kerweniň başyna atylan öwsaryny, atasynyň atlandyrşy ýaly ýüplügi gyzyl sapakdan işilen zahyby─berk, üzülmez öwsary hemem sözenagajy ýaly hiç haçan çat açmaýan, ýüzüne kerweniň şekili çekilen, baryp-ha, Şam ilinde ýörüte ýasadylyp getirilen gepleýän jaňy─Zülmugaty bütin Parzdepäniň öňünde gowşurar. Soňam, hawa soňam agyr kerweniň ykbaly ynanylar. Bu gorkuly şonuň ýalam sylagly kärdi. Şol berk owsardyr, ýakymly owaz çykarýan jaň indi köp-köp ýyllardan bäri, alplar kowmynda elden-ele geçip gelýärdi. Indem gezek onyňkydy. Ýöne entek onuň öňünde durmuş diýip atlandyrylýan düýpsiz derýa ýatyr. Ykbalyň hanjak gopjagyny kim bilýär.
Ile meňzeş kerwenbaşy bolmak üçin alplar, öz kowmyndan erkek göbekli dünýä inen güninden başlap alada edip ugraýarlar. Niçikmi bäbejigiň göbegi kesilenden ony kerweniň başyny çekýän gök erkegiň guýrugyna daňýalar. Soňam yrym edip, kerweniň jaňyny bäbejigiň bişeginiň─sallançagynyň depesinden asýalar. Onsoň sallançak üwrelende jaňam owaz edip bäbejigi hüwdüleýär. Enäniň ýüreginiň ýylysam şoňa goşluşýar.
Kerwen, kerwen, kerwen, kerwen ýöresin,
Kyrk gulak gazan doň ýag eresin…
Ýigdekçe ertekileriň döreýän ýerine barýan ýaly entegem özüniň ynamly ädimleri bilen öňe gidip otyrdy. Kä ýerde onuň öňünden garşydaş kerwen duş gelýärdi, kä ýerde-de ol agyr kerweniň yzyndan ýetip geçýärdi. Her gezek ol kerwen bilen gabatlaşanda, şol bir eşidýän sözlerini eşidýärdi.
─Urganyň abatmy?
─Çemberiň berkmi?
─Suw-sölüň ýeterlikmi?
Ýigdekçe o sowallara hoşamaýlyk bilen başyny atýardy. Kä ýerde bolsa näme üçin onuň ýeke özüniň çykanyny sorardylar. Ýigidekçe oňa “aý, şeýle bollyda” diýip gümürtigiräk jogap bererdi. Käte-de ol ýalňyz özüniň ilkinji ýola kerweniň─ýeke erkegiň başyny çekip gaýdandygyny aýdardy. Adamlar bolsa onuň dogry edýändigini başyny atyp tassyklardylar.
─Ýoluňa yzyňa belet bolmasaň, gelejekde agyr kerweniň garamatyny boýnuňa çekmek kyn bolar. Dogry edýäň, ýoluňy ýalňyşmagyn. Has beterem gijelerine… Kerwengyrandan seresap bolgun… Aç galtamanlaram ygyşyp ýörendirler…
Ýigdekçe “Kerwengyran” ýyldyzy hakda atasyndan─goja Alpdan öň eşidipdi. Şol ýyldyzyň kerwene howp salýandygy, sähel eýleň-beýleň bolsaň ujyz goýýandygy hakyndaky gürrüňlerdenem habary bardy. Selärlige turulmazynyň öň syrasynda dogýan, şo Daňýyldyzy bilen meňzeş ýalpyldowuk ýyldyzyň adynyň kerwen bilen baglanyp dakylmagam şonuň üçindi. Ýigdekçäniň gulagynda berk galar ýaly, atasy oňa has kiçijikkä erteki aýdan kysmy aýdyp bereni onuň ýadynda.
Bir döwürler ýagşylykdan hem şowlulykdan başga hiç zadyň pikirini etmän kerwen barýan eken. Kerwen ýolunda hemme zat ölçegli. Çyzykdan çykmaly däl. Nirede düşlemeli, nirede suwlamaly. Gije ýöremelimi ýa gündiz. Nirede guýy bar, nirede akaba. Haýsy ýyldyz çelgi bolýar. Haýsy ýyldyz aldaw salýar. Bularyň baryny aşyk tändiren ýaly bilmeli.
Çyn kerwenbaşy boljak bolsaň ýeke bir ýyldyzlar däl, Aýyň, Günüň dogup ýaşyşyndanam habarly bolmaly, Aý agyllasa näme etmeli. Gün gulaklasa näme edilýär. Hatda, sen janly-jandarlaryň hereketlerinden many çykarmaly. Guşlar ýerlet uçýarmy, diýmek golaýda suw bar. Ýokarda uçýarmy golaý-goltumda ýaşaýyş ýok.
Tomus günleri gündiz ýöremek kyn bolansoň, kerwen gije ýöreýär. Gijelikde kerweniň ýalňyz hemrasy ümmülmez asmandaky göreçler hemem altyn Aý. Kerwen hemişe Daňýyldyzyndan ugur alyp, Zöhre ýyldyzy özüne çelgi edinýär. Soň ol tirkeşýän ýyldyzlary─olar dört sany görnükli ýyldyzlar─Ülker─ol sekiz sany öçüp-ýanyp duran topbajyk ýyldyz. Soň Aralyk, olam görnükli şugla saçýan ýyldyz. Ülker bilen Aralygyň arasy ýigrimi gün. Soňam Üç ýyldyz. Onsoň Ýaldyrak. Bularyň hemmesi mese-mälim bolup duran owadan ýyldyzlar. Özlerem ýigrim-gün, ýigrimi günden soň görünýärler. Şonuň üçünem, biri-biriniň yzyndan tirkeşip gelensoňlar, düýe başyny idýän kerwenbaşylar olary tirkeşýän ýyldyzlar diýip düşinişýärler. Olar kerweniň uly höwri.
Dört ýyldyzdan başga-da, Akmaýanyň ýoly, Ömürzaýa, Ýedigen bularam kerweniň ýaranlary. Onsoň ýene bir esasy ýoldaşyň biri─jaňyň sesi. Ol gijäniň duýgur ümsümliginde uzaklara─has uzaklara gidýär. Jaňyň sesi eşidilip durmy, diýmek dünýede ýaşaýyş dowam edýär.
Kerwenleriň azaşýanlygy, kerwenbaşy Kerwengyran ýyldyzy, Daňýyldyzydyr öýdüp, gijelikde görmän guýynyň duşundan geçip gidýänligi. Ýene bir azaşdyrýan zat, şol ýyldyzlaryň biri-birine golaý dogýanlygy. Biri selärlige turulýan wagtynyň öň syrasynda görünýär, ikinjisem soň ýanynda. Özlerem biri-biri bilen juda meňzeş. Bu bir kerweni däl gaty köp kerweniň ýoluny bulaşdyrýar, heläkçilige eltýär.
Ýigdekçe şo zatlary pikir edip barşyna öňem ýuwaş erkegi hasam ýuwaşja idýärdi. Dyz düwmäniň düňňürdisidir, jaňyň şirin sesem onuň pikirini bozman gaýtam tersine jemlemäge kömek edýärdi.
Bulutlaryň garalyp duran ganatlaryndan ýagyş damjyklady. Tukat oturan sähra agaçlary şemala ýegşerýärdi. Ýigdekçäniň asylan Aýa gönügen nazary uzaklardady.
***
Kerwen ýoly aýlanyp ýigdekçäni dag ýurduna alyp bardy. Dag ýurdy , oguz sähralary ýaly giňişlik däldi. Bu ýerde gara daşlar sowuk nazary bilen seredýän ýalydy. Göwnüne bolmasa ähli ýeri garasöýmez daşlar eýelän ýaly bolup görünýärdi.
Kerwen çekeňde iň seresap bolmaly ýeriň dag ýurdydygy hakynda atasy─goja Alp oňa kän gürrüň beripdi. Dag ýodalarynda hiç zady hat-da bir ädim ýerdäki zadam saýgaryp bolmaýan ümür dumanlaryň çaýkanan çal ýaly bolup, bir hepde, on günläp dowam edýändigini, onuň kerwen üçin örän howplulygyny aýdypdy.
Ýigdekçe bu zatlaryň hemmesini aňynda aýlap barşyna, dagy gysmyljyrap oturan obanyň üstünde gädilen Aýyň barha ýokaryk galşyna seredýärdi. Ho-ol aňyrda, deräniň düýbünde ýatan garamtyl suw ýagtylýardy. Aý şöhlesi gara daşlary─ähli ýeri ýyly suw bilen ýuwan ýaly edipdi.
Gök inerdir garry köpegem ýigdekçäniň aýak sesine tabyn bolup gelýärdi. Ineriň dyrnaklary ösgün bolansoň öljümik daşlaň üstünde-de typanokdy. Goja Alp iner malynyň dyrnagynyň ösgün bolýanyny, şonuň üçin dagda-düzde typmaýanyny bilensoň, agtygyna şony howutlap beripdi.
Garry köpegem eýesiniň duran ýerinde durup, ýörän ýerinde ýöräp gelýärdi. Dag ýurdy onam gabsaldyrýan borly, ol käte hiç zat ýok ýerden wowwuldap üýrýärdi. Şonda onuň sesi jülgeleriň içine düşüp uzak wagtlap ýaňlanýardy.
Käte ýigdekçe durup dünýä diň salýardy. Şonda ol janly tebigatyň içinde, tebigatyň öz dilinden başga ýene bir dili─jaň sesini eşidýärdi. Bu ümmülmez sähralaryň içinde, uçsyz-gyraksyz ýitirim çöllükde entejikler ýaşaýşyň dowam edýändigini duýdurýan şirin sesdi. Bu ses ony öňe itererdi. Hemem özüniň idip barýan ýalňyz kerweniniň sesinem kimdir bir ötegçiniň eşidip begenjekdigine begenýärdi.
Parzdepede şeýle söz ýörgünlidi. Düýäni tanamak üçin ilki yzyny tanamaly. Bu sähelçe pursatdaky ömrüň ötüren, ala meýdany ýigdekçäni uly adam ýaly edipdi. Ol indi nirede düz bar, nirede dag, näçe menzilden guýy görünýär, niçe ýol geçseň akar suwuň üstünden barýaň. Bularyň baryny ol aşyk tändiren ýaly edipdi. Şonuň üçinem onuň ýüregi suwlydy. Indi ol utanman Parzdepäniňem─atasy goja Alpyňam utanman ýüzüne seredip biler.
***
Indi ol sähel ýörese öz çygyrlaryna düşjek. Han-ha eýýäm oguz tagmaly mallar görnüp başlady. Hana-da, Parzdepäniň üstündäki pessejik asman. Olam, daraýy depeler. O-da ýigdekçäniň oglantak aýak yzlary bilen torç eden Ene beýigi.
Ýigdekçe mele topragy elleriniň aýasy bilen sypalady. Uzalyp ýatan sähra ýoluny gözleri bilen owşady. Onuň gözüniň öňüne obadaşlarynyň, atasy─goja Alpyň garşy alyşlary geldi. Hemmeler onuň öňünden çykar. Onsoň atasy özüniň eý görýän aýdymynam aýdar.Ol şeýleräk başlanýady öýtýän. Ýigdekçe tolgunyp gitdi.
Bag ekseň begenersiň,
Ekin ekseň, guwanarsyň,
Çek kerweni, gör dünýäni,
Gitdigiňçe beglenersiň…
Oglanyň ýüregini razy edýän ýene bir zat bardy. Ol uly dünýä goşandyny goşupdy. Haçanda bir wagt geler, Ýüpek ýol hakynda ýatlanar. Şonda bu ýollardan agyr kerweniň ötendigem aýdylar… Belki kimdir biri ýigdekçäniňem şo ýolda düýe başyny iýdendigini ýatlar.
Ýigdekçe öýlerine ýetiberipdi. Han-ha atasynyň─goja Alpyň ýüzi görünýä. Özem ýylgyrma diýlen zat ýat bolan ýüzde çalaja ýagtylygam bar. Oglan ony daşdanam bolsa saýgardy. Ana-da, Enesi, gyňajynyň çowam gözünde. Ýok, ol begenjinden aglaýandyr. Eneler şeýledä…
Ene beýgiň üstünde bir topar owunjak gyz läle kakýar. Şemal olaryň seslerini eşitdirenok. Ýöne ýigdekçe läläniň gamgyndygyny aňlady. Onuň ýene bir aňlan zady, läle şeýle başlanýardy.
“Bu ýollardan kerwen ötdi…”
Öwezmyrat ÝERBENDI.