SPORT

Bu oýunçy rekordlary täzeleýär

2022-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň, Günorta Amerikada saýlama oýunlarynyň ikinji tapgyry geçirildi. Bu tapgyrda Peru futbol milli ýygyndysy bilen Braziliýa futbol milli ýygyndysy duşuşdylar. Öran gyzykly we gollara baý bolan duşuşyk Lima şäheriniň “Nasýonal” stadionynda geçirildi. Duşuşykda ýiti pursatlary köp boldy we 4:2 hasaby bilen Braziliýa futbol milli ýygyndysy ýeňiş gazanmagy başardy. Ýeňijileriň düzüminde Rişarlison we dünýä belli hüjümçi Neýmar het-trik etmegi başardy, olaryň ikisini 11 metrlik jerime ugrysyndan tapawutlandylar. Ýer-eýeleriniň düzüminde Andre Karrilýo we Renato Tapia oýunçylar duşuşykda jogap pökgilerini geçirdiler. Oýunyň ahyrynda Peru futbol milli ýygyndysynyň iki oýunçysy gyzyl petek alyp meýdançany terk etmeli boldular.

Şeýlelik bilen Braziliýa futbol milli ýygynydsynyň we “PSŽ” toparynyň zehinli, dünýä belli hüjümçi Neýmar, Günorta Amerika futbol milli ýygyndy toparlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda üçünji orny eýeledi. Sanawda resmi we dostlukly geçirilen oýunlarda geçirilen gollary hasaplanyldy. Bu sanawyň birinji ornunda Pele (77 gol) we ikinji ornunda Lionel Messi (71 gol) bilen ýerleşýärler. Mundan daşary hüjümçi, Braziliýa futbol milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp gol geçirenleriň sanawynda braziliýaly hüjümçi Ronaldony yzda goýup, ikinji oruna geçmegi başardy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Katar 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlaryny kabul etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde birinjiligi eýelediler

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk 26-njy sentýabrda geçiriler

“Mançester Ýunaýted” täze hüjümçisini hödürledi

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi futbol boýunça dünýä çempionatyndan 3,3 milliard dollar girdeji alar

Ata Watan Eserleri

Ukrainaly boksçy dünýäniň absolýut çempionlygy gaýdyp aldy