JEMGYÝET

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda duşuşyk

2019-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda guramanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 144-nji mejlisiniň çarçuwasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň sebit direktory hanym ŽuŽanna Ýakabyň ýolbaşçylygynda maglumat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Ženewada akkreditirlenen Ilçiler we Hemişelik wekiller gatnaşdylar. Gatnaşyjylar guramanyň agza ýurtlarynyň esasy gyzyklanma bildirýän ugurlaryny şeýle-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň administratiw, býudjet meseleleri we geljekki döwür üçin meýilnamalarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşygyň çäginde Ilçi, Türkmenistanyň Ženewadaky hemişelik wekili çykyş etdi, hususan-da, 2013-nji ýylyň 3-4 dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek boýunça ilkinji halkara maslahaty hem-de onuň netijesinde kabul edilen, 2014-nji ýylda bolsa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin komitetiniň tassyklan Aşgabat Jarnamasy baradaky maglumat bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Munuň çäklerinde şeýle-de 2019-njy ýylyň 9-10-njy aprelinde Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek meselelerine bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejeli ikinji halkara maslahaty hakynda habar berildi. Hususan-da, gatnaşyjylar maslahatyň gurluşy (ýokary derejeli plenar söhbetdeşlikler, tematiki sessiýalaryň we interaktiw işewür toparlaryň mejlisi), Aşgabat maslahatynyň gatnaşyjylary tarapyndan ara alyp maslahalaşyljak we serediljek esasy meseleler bilen tanyşdyryldy.

Geljekki maslahatyň ýokary netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, duşuşygyň ahyrynda ähli agza ýurtlar öz ýokary derejeli wekiliýetlerini ugratmaklyga çagyryldy, şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatik missiýalarynyň ähli wekiliýetlere bu maslahata gatnaşmak üçin gerek bolan ýardamyny berjekdikleri bellenildi.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär