SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG Merkezi Aziýa maýmyn mama keseli boýunça goldaw berýär

Mälim bolşy ýaly, dünýäde koronawirus pandemiýasyndan soňra maýmyn mama keseli hem ýaýrady. Bu wirus köpräk Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde ýaýrady. Şonuň üçin BSGG-niň Ýewropa sebiti bu wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen sebitdäki ýurtlara goldaw bermek babatda degişli işleri geçirýär.

BSGG-niň Ýewropa býurosy bu keseli anyklamak üçin 18 ýurduň sarp ediş ätiýaçlyklaryny kanagatlandyrmak babatda çözgüt kabul edildi. Şol ýurtlaryň hataryna Merkezi Aziýanyň 5 ýurdy – Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Täjigistan hem girdi. Şeýle hem ýene-de 13 ýurda, şol sanda Albaniýa , Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Bosniýa we Gersegowina, Gruziýa, Kosowa, Çernogoriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Moldowa, Serbiýa, Türkiýe we Ukraina kömek bermek göz öňünde tutuldy.

BSGG-niň Ýewropa sebitiniň habar bermegine görä, bu ýurtlara 1,2 million dollar möçberinde sarp ediş materiallary iberildi. Bu materaillar maýmyn mama keseline garşy göreşde saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Germaniýanyň “TIB Molbiol” biotehnologiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda 57 müň PSR-synag serişdeleri ýokarda agzalanan ýurtlara iberildi. Bu serişdeler arkaly 5000 nusgany synagdan geçirmek mümkinçiligi bar.

Şeýle hem öz ýerlerinde lukmanlar synag ulgamlaryny dogry ulanmak boýunça okuw maksatnamasyndan geçýärler.

2022-nji ýylyň maý aýynda BSGG guramasy bu wirusyň ýaýramagy bilen baglylykda, oňa garşy göreşi güýçlendirdi.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler