MEDENIÝET

Braziliýa “Rio” karnawalyna taýýarlanýar

Aprel aýynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek karnawalda ýörişe taýýarlyk işleri dowam edýär. “Imperatriz Leopoldinense” samba mekdebiniň tansçylary reňkli eşikler we makiýažlary bilen taýynlyga gatnaşdy. Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän we dünýäniň iň möhüm festiwallaryndan biri hasaplanýan “Rio Karnawal” ýörişi her ýyl reňkli sahnalaryň eýesidir. Dünýäniň ýüzlerçe müň syýahatçysy reňkli we aýdym-saz karnawaly üçin Braziliýa gelýär. Karnawal döwründe Rio-de-Žaneýronyň saýlama samba mekdepleriniň tansçylary iň gowularyny saýlamak üçin başarnyklaryny görkezerler. “Imperatriz Leopoldinense” samba mekdebiniň tansçylary 20-nji aprelde başlajak karnawalda reňkli eşikler we parad üçin makiýaž bilen taýynlyklara gatnaşyp, reňkli sahnalara şaýat boldular.

“Rio Karnawal”, Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän dünýäniň iň meşhur festiwaly we iň uly karnawaldyr.

Braziliýada “Sao Paolo”-dan soň ikinji ýerde durýar we takmynan 6 million ilaty bar. “Rio Karnawal”, adatça fewral aýynda 4 gün dowam edýän çäksiz güýmenje çäresidir. Karnawal sebitine ortaça 3 müňden 5 müňe çenli bäsleşige gatnaşmak üçin 150 müň adam gelýär.

Pasha baýramy her ýyl üýtgänsoň, karnawalyň senesi hem üýtgeýär. Her ýyl Pasha baýramyndan ýedi hepde öň geçirilýär. Adatça şenbe, ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri geçirilýär. Bu dört günüň iki güni 14 samba mekdebiniň bäsleşigi bilen geçýär we festiwal meýdançasy reňkli sahnalara şaýatdyr.

Karnawala gatnaşýan bäsdeşler 14 mekdebiň arasynda iň oňat bolmak üçin ähli güýjüni sarp edýärler. Toparlar iki bölege bölünýär we bir günde ýedi topar Sambodromda geçýär.

Agşam sagat 9-da başlaýan geçişler irden 6-7-ä çenli dowam edip biler. Bir toparyň geçişi ortaça 70 minut alýar. Mekdepler bir mowzugy saýlaýarlar we geýimleri, aýdym-sazlary, bezegleri we şekilleri bilen şöhlelendirýärler. Bu işi iň gowy ýerine ýetirýän topar, emin agzalarynyň baha bermegi netijesinde ýeňiji bolýar. Ilkinji mekdep baýrak puluny alýar we iň gowy samba mekdebi diýen ada eýe bolýar.

Kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary