SPORT

“Borussiýa” täze futbolçy geler

Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynda çykyş edýän “Borussiýa Dortmund” Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndan braziliýaly ýaş oýunçy Reýnir Hesus Karwalýuny kireýine aldy.

“Borussiýa Dortmund” topary 18 ýaşyndaky oýunçyny 2 ýyllyk öz toparyna goşandygyny mälim etdi. Öz kariýerasyna “Flamengo” toparynda başlan Reýnir şu ýyl 30 million ýewro bilen “Real Madrid” toparyna transfer edildi. Reýnir geçen möwsümde “Real Madridiň” “B” topary bilen meýdança çykdy. Ol geçen möwsümde 3 oýun oýnap, 2 gol derwezä salmagy başardy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler