JEMGYÝET

Bolliwudyň muzeýi

Bolliwud filmleri indi bir asyrdan gowrak wagt bäri bütin dünýäni özüne maýyl edip gelýär. Gör näçämiz, meşhur hindi aktýorlary ýaly «gahryman» bolmak höwesi bilen ulaldyk. Ýöne şeýle dünýä meşhur kino şäherçesiniň ilkinji muzeýiniň gelip-gelip 2019-njy ýylda açylmagy juda täsin. Bolliwud, aslynda, beýle muzeýe has öň mynasyp. Şeýle-de bolsa, onuň kino muzeýi  hut birki günlükde açyldy.

Aslynda, Bolliwudyň muzeýini döretmek baradaky taslamanyň başlangyjy 2006-njy ýyla degişli. Ol 8 ýyl soňra, 2014-nji ýylda açylmalydy. Ýöne muzeýiň binalar toplumyna ýene bir ganaty goşmak makul görüldi we gurluşyk dowam etdi.

Bir asyrlyk beýik taryhy özünde jemlejek muzeýiň gurluşygy üçin 1,4 milliard hindi rupiýasy sarp edildi. Muzeýde meşhur hindi filmlerinden galan miraslardan başlap, filmi surata düşürmekde gerek bolan ähli enjamlaryň nusgalary bar. Fransuz doganlar Lumirleriň ulanan «Mutiscope» kysymly ilkinji surata düşüriji kameralarynyň nusgalaryny hem bu ýerde görmek mümkin. Hindistanyň meşhur liderleriniň biri Mhatma Gandiniň hindi filmlerini dünýä ýaýmakdaky hyzmatlaryna hem ýörite bölüm bagyşlanypdyr.

Mumbaý şäheriniň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Bolliwud ― film şäherçesi häzirki wagtda önümçilikde ABŞ-daky Golliwuddan hem öňe geçdi. Diňe şu ýerde her ýylda 1,5 müň film surata düşürilýär.

Ýene-de okaň

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar