DÜNÝÄ

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen tegel stol

BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt Maksatnamasynyň taslamasy  duşuşygyň esasy temasy boldy. Kanunyň hökmürowanlygy we ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, şeýle-de statistiki maglumatlaryň hili ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda resminamanyň esasy bölümleri, soňky ýyllarda ýurdumyzyň gazanan ösüşleri, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etmekde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň orny barada aýratyn bellenip geçildi.

Türkmen tarapy ýokarda agzalan resminamalary taýýarlamakda işjeň gatnaşanlygy we bilelikdäki netijeli iş üçin minetdarlyk bildirip hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşine ygrarlydygyny belläp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary, edaralary we institutlary bilen meseleleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny geljekde hem has-da işjeňleşdirmek boýunça meýlini aýan etdi.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri geljekki hyzmatdaşlyk resminamalaryny taýýarlamak boýunça geçiren ähmiýetli işleri üçin türkmen tarapyna uly minnetdarlyk bildirdiler hem-de durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara girizmek boýunça işjeň gatnaşandygyny we möhüm çemeleşendigini aýratyn bellediler.

Maslahatyň ahyrynda taraplaryň wekilleri ulgamlaýyn işe hyjuwlydyklaryny bellediler we  bu mejlis Türkmenistanyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn itergi berer diýip umyt etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada interwýu berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy