DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna taýýarlyk

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi degişli işleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda boljak çäreleriň Tertibi işlenip taýýarlanylýar. Soňra bu Tertip hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenilýär.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň ahyryna çenli Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugruny netijeli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak teklip edilýär.

Resminamada ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ekologiýa, daşky gurşawy goramaga, howanyň üýtgemegine, saglygy goraýşa, ynsanperwer ulgama degişli möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň başlangyçlary we çemeleşmeleri beýan ediler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri