Ýene sanlyja günden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Şoňa görä, indi birnäçe aý bäri Awazada giň gerimli taýýarlyk-guramaçylyk işleri ýaýbaňlandyrylyp, olara Gahryman Arkadagymyzyň hut özi yzygiderli gözegçilik edýär.
Awaza forumynyň internet-aragatnaşyk bilen bagly wezipelerini çözmek bolsa golaýda guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, täze döredilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine ynanyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Aragatnaşyk ministrliginde habar berlişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda maslahaty geçirmek üçin saýlanyp alnan «Awaza» sport toplumynyň çäginde hem-de onuň degişli binalarynda, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Wi-Fi ulgamynyň enjamlar toplumlary işe girizilipdir. Şeýle-de sport toplumynda ýokary hilli seslendiriş enjamlary gurnalyp, forumyň resmi web saýtyna zerur bolan serwer enjamlarydyr korporatiw elektron poçtalar üpjün edilipdir.
Galyberse-de, ýurdumyza kärende alynýan internet akymlarynyň göwrümini giňeltmek, olaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak maksady bilen, kärende alynýan ugurlary ätiýaçlandyrmak babatda-da zerur çäreler görlüpdir.
Myhmanhanalara barýan optiki-süýümli aragatnaşyk we içki kabelleriň çekilip, Wi-Fi ulgamynyň işe girizilendigini, otaglarynda bolsa 200-den gowrak teleýaýlyma tomaşa etmäge mümkinçilik berýän «ÄlemTV» hyzmatynyň ýola goýlandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde, syýahatçylyk zolagyna barýan ýoluň ugrunda we onuň çäginde, halkara maslahatyň geçiriljek ýerinde 4G+ tehnologiýasynyň işe goýberilmegi, öz gezeginde, öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmäge ýardam berer.