JEMGYÝET

BMG-niň Awaza forumy: resminamalar toplumyna gol çekildi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň  açylyş dabarasy boldy. Oňa foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýokary derejeli wekiliýetleriň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu foruma “Atawatan Media” toparynyň hem gatnaşýar.

“Awaza” sport toplumynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem-de köp sanly ugurdaş çäreler geçirilýär.

Şol çäreleriň çäklerinde Türkmenistan bilen foruma gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkino-Fasonyň daşary işler, sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan burkinalylaryň işleri boýunça ministri Karamoko Jean Marie Traore Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Burkino-Fasonyň Daşary işler, sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan burkinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekdiler.
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid
    Meredow we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Pholile Shakantu Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary yola goýmak hakynda Teswirnama gol çekýärler.
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly ýerli bileleşiklerin durnuklylygyny ösdürmek» taslamasynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekdiler.
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň Baş sekretary Grynspan Rebeka Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boyunça
    konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda «Sanlylaşdyrmak esasynda üýtgedip gurmak arkaly sebitleýin arabaglanysygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» atly Tehniki goldawyny bermek boýunça Taslama resminamasyna gol çekdiler.
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow we Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Boretskiý Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda
    syýasy geñeşmeler hakynda Teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty başlady

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň forumy üçin Awaza geldi