Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirdi.
Şol duşuşyklar barada:
Türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşew bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dmitriý Patruşew giň gerimli halkara maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi gözel Awazada geçirilýän halkara maslahatyň ýokary derejede guralandygy bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň we onuň sebitleriniň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ykrar edilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine-de ähmiýet berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy.
Häzirki döwürde ählumumy ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Munuň özi kanun çykaryjy edaralaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine goşýan goşandynyň ýokarlanmagyny şertlendirer.
Konstantin Kosaçýow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde guralan Parlament forumynda degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalandygyny nygtady.
Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunda halkara forumyň çäklerinde geçirilen giň möçberli çärelerde kabul edilen çözgütleriň wajypdygyny bellemek gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy ähmiýeti bolan giň gerimli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Rustam Minnihanow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrylyş derejesine we onuň binalarynda halkara çäreleri geçirmäge döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Şeýle hem ol BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň göçme görnüşde ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilýändigini aýratyn nygtady. Halkara maslahatyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesiniň dünýä nusgalykdygy barada aýdyldy.
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda göni gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depgini häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň uzak geljegi nazarlaýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
