BIZNES

BMG: Global ykdysadyýet 3,2 göterim peseler

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çaklamalaryna görä, täze görnüşli koronawirus (COVID-19) ýokanjy sebäpli dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,2 göterim pese gaçjakdygy mälim edildi.

BMG-niň 2020-nji ikinji ýarymy üçin “Bütindünýä Ykdysadyýet ýagdaýy we geljegi” atly maglumatnamasy çap edildi. Şol maglumatnamada görnüşi ýaly, “COVID-19” wirusynyň täsiri sebäpli dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,2 göterim pese gaçjakdygy çaklanyldy.

Ykdysadyýetiň pese gaçmagynyň 1930-njy ýyldaky uly çökgünlikden bäri emele gelen ýagdaý bolup durýandygy, 2020-2021-nji ýyllarda global ykdysadyýetiň 8,5 trillion dollar ýitgi çekjekdigi aýdylýar. Şeýlelikde, soňky 4 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleriň ýitip gitjekdigi mälim edilýär.  34 milliondan gowragyň adamyň ýiti garyplyk çekjekdigi aýdylýar.

Hasabatda ösen ykdysadyýetli ýurtlaryň ykdysadyýetiniň 5 göterim pese gaçjakdygy, 2021-nji ýylda 3,4 göterim ösüş gazanylyp boljakdygy, ösüp barýan ykdysadyýetli ýurtlaryň ykdysady ýagdaýynyň 0,7 göterim pese gaçyp, 2021-nji ýylda 5,3 göterim ösüş gazanjakdygy bellenildi.

Hasabatda “COVID-19” epidemiýasynyň garyplygy we girdejilerdäki deňsizligi ýokarlandyrýandygy we bu epidemiýanyň şu ýyl 34,3 million adamyň “aşa garyplyk” çäginden aşmagyna we garyplygyň ýokarlanmagynyň 56 göteriminiň Afrika ýurtlarynda bolup biljekdigi mälim edildi.

Ýene-de okaň

Amerikaly işewürler Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz satyn alýarlar

Aşgabat bilen Tähran söwda dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen elektrik energiýasynyň eksportuna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň üstaşyr ýük dolanyşygy artýar

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşýar

Ýewraziýa ulag geçelgesi: 6 ýurduň wekilleri Tähranda duşuşdylar