BILIM

Bize okamaga geliň

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ylmy-önümçilik merkezi 2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça okuwa kabul edýändigini yglan edýär.

  1. Dizaýn (interýer bezegi, landşaft dizaýn, floristika) — 10 aý;
  2. Buhgalter-kassir —10 aý;
  3. Kompýuter sowatlylygy — 2,5 aý;
  4. Iňlis dili: — başlangyç dereje — 4 aý; — orta dereje — 4 aý;
  5. Rus dili: — başlangyç dereje — 4 aý; — orta dereje — 4 aý.

Okuwlara Türkmenistanyň orta we hünär bilimli raýatlary kabul edilýär. Kompýuter sowatlylygy we iňlis, rus dilleri boýunça okuwlara mekdep ýaşyndakylar hem kabul edilýär.

Okuwlar Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döwrebap, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda, tejribeli mugallymlar tarapyndan geçirilýär. Okuwlar tölegli.

10 aýlyk möhletli okuwlara welaýatlardan kabul edilenler umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada müdiriň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 ölçegdäki alty sany surat; Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler kabul ediş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

— pasportyny ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamasyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Resmi iş kagyzlary ylmy-önümçilik merkezinde 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Okuwy tamamlanlara şahadatnama berilýär.

Sal­gysy: Aş­ga­bat şä­he­ri, Büz­me­ýin et­ra­by­nyň Se­na­gat kö­çe­si­niň 51-nji ja­ýy.

Te­le­fon bel­gi­le­ri: 33-52-70; 39-26-05. Faks: 33-53-62, öý­jük­li te­le­fon: +993 65 03 71 73.

E-mail: tit.we.uki@gmail.com

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

«Sanly çözgüt – 2025» innowasion bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler

Robotlaryň olimpiadasy: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistan ABŞ-nyň Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar