DÜNÝÄ

Bitaraplyk sahypamyz boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory Dr.Döwran Orazgylyjowy kabul etdi.  Mälim bolşy  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary bolup, Türkiýe Respublikasynda hereket edýän Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti bilen bilelikde žurnalymyzyň www.atavatan-turkmenistan.com  internet saýtynda ýörite “Bitaraplyk” sahypasyny döretdik. Bu sahypamyz boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory Dr.Döwran Orazgylyjowy kabul etdi. Duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky saýtymyz üçin ýörite makalasy  we metbugat ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Täze döredilen Bitaraplyk sahypamyzda şu wagta çenli, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň w.w.ý.ý. Natia Natswlişwili, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand, Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň türk tarapynyň başlygy Halil Awji we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula ýörite makalasy bilen çykyş etti.

 

Bulary hem okap bilersiňiz!

Neutrality is inextricably linked to peace and development, Christine Weigand, UNICEF Representative in Turkmenistan

“Permanent neutrality” – fundament of the national and foreign policy, Natia Natsvlishvili, UNDP Resident Representative a.i.

Turkmenistan- Home of Neutrality and Role of ECO CCI in Sustainable Development, Adem KULA, Economic Cooperation Organization Chamber of Commerce and Industry  , Secretary General

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi, Halil Avcı, DEİK Türk-Türkmen İş Konseyi Başkanı Halil Avcı Şirketler Grubu Başkanı

 

Sahypany Taýýarlanlar/ Sayfayı Hazırlayan/This page Prepared by :

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk Jemgyýeti barada okamak üçin şu ýere basyň!

Türkmenistanlılar Dayanışma Derneği hakkında daha fazla bilgi için buraya tıklayın!

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar