SIZDEN GELENLER

Bitaraplygymyzyň parahatlyk söýüji ýörelgeleri

Beýik işler, oňyn gerimli giň özgertmeler, ýetilýän sany bihasap şanly sepgitler Watanymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogan, paýhasy ýurt ösüşlerine, il saglygyna, abadanlygyna gönükdirilen milli Liderimiziň rowaçlyklara badalga bolan kararlary, Kanunlary, Permanlary arkaly amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” mazmunly belent başlangyçlarynyň netijeleri bu günki günde diňe öz halkymyzyň däl, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň diline-de, nazaryna-da düşdi. Buýsançly öňe ilerlemeler ösüşiň täze belentlikleriniň sebit we halkara ykrarnamasyna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen nurly geljege badalga alan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda il-günimiz bagtyýar, asuda, abadan, erkin ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ak daňlary erkin atýan, nurly Güni öz şöhlesiniň tyglaryny keremli topragyna bolluk bilen saçýan, şöhraty bilen asyrlar aşa mizemez heýkel dikip barýan  Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýlamaly ýylymyzda özleri barada edilýän alada aňryýany bilen düşünýän bagtyýar halkymyz zähmet üstünliklerini özlerine ýaran edinýärler.

“Bitaraplyk”–parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk diýmekdir. Hormatly Prezidentimiz bu düşünjä syýasy manysynda aýdyň we anyk kesgitleme berýär: “Bitaraplyk sözüniň esasynda biziň parahatçylyk söýüji halkymyzyň diplomatiýasy, hukuk medeniýeti we binýatlyk ähmiýeti bolan ynsanperwerlik ýörelgeleri durýar”.

Taryhy hakykata öwrülen, kalbymyzy, ýüregimizi buýsanç duýgulary bilen dolduran Bitaraplygymyzy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň düzümine girýän 185 döwletiň goldamagy, biragyzdan ses bermegi netijesinde gazanandygymyz taryhyň altyn sahypalaryna ýazylan ebedi düşünje bolup, hakydalarymyzda orun aldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy geçen ýyllaryň içinde halklaryň arasyndaky durnuklylygy üpjün etmekde düýpli bir binýada öwrüldi. Ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraý-mertebesiniň ýokarlanmagyna itergi bolan parahatçylyk ýörelgeli ençeme gepleşikleriň, özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň, ynsanperwer gatnaşyklaryň amala aşyrylmagyna esas bolup hyzmat etdi. Bu ýörelge häzirem üstünlikli dowam etdirilýär.

Bitaraplyk-biziň baýlygymyzdyr, hazynamyzdyr, milliligimize bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy goşalandyrýan abraý-mertebämizdir. Gymmatynyň dünýäniň iri we abraýly guramalary, halklary tarapyndan ykrar edilmegi – munuň aýdyň subutnamasydyr. Owal-ahyr süňňüne ornan, ganyna siňen, ata-babalarymyz tarapyndan nesillere ebedi miras bolan hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dostluk-doganlyk ýörelgeleri bu günki günde dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyk söýüjilige çagyrýan taglymata öwrüldi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanymyzyň abraý-mertebesi baky Bitaraplygymyzyň şanly gazananlary arkaly älem ýüzünde öz ornuny tapdy.

Parahatçylyk söýüji ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly dünýäniň abraýly halkara guramalary, şeýle-de köp sanly goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýýar, yzygiderli ösdürýär. Muňa aýratyn ähmiýet berýän dana Ýurtbaşymyz üçünji müňýyllykda hem dünýäniň köp sanly ösen döwletleriniň arasynda hoşmeýilli, özara bähbitli ynanyşmak derejesindäki gatnaşyklary ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlygy meýilleşdirdi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz öz nusgalyk ýoluny saýlap aldy we şoňa ygrarly bolmagynda hem galýar. Jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda hemmetaraplaýyn sazlaşykly gülläp ösüşleriň bolmagy üçin yzygiderli özgerişikler geçirilýär. Bu ugurda eýýäm şu ýylymyzyň özünde birnäçe işleriň giň gerim bilen edilýändigini görmek kalbymyzda buýsanç duýgularyny oýarýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny şöhratlandyrmak, ony geljege rowan ýollarymyzda ýurdumyzyň abraý-mertebesine, genji-hazynasyna öwürmek raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny göge galdyrýar. Biz ýaş nesillerde Watan söýgüsine, ertirki asuda, abadan günimize ynanç döredýär. Watana wepalylygyň ýokary nusgasy bolan okatmak, öwretmek islegimize giň ýol açýan, bu ugurda aýdyň maksatlarymyzyň myrat tapmagyna badalga berýän hormatly Prezidentimiziň tutumlary rowaç bolsun, asylly başlangyçlary arzyly menzillerde Watanymyzyň abraý-mertebesine ýaran bolsun!

 Humaý ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk  institutynyň mugallymy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika