DÜNÝÄ

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy A.Grawe bilen bilelikde gurady.

Maslahata daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Gyrgyzystandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, syýasatşynaslar we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyny we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürendigi bellenildi.

Sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmek üçin berk binýata öwrülen Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan oňyn bitaraplyk syýasatyna aýratyn ähmiýet berildi.

Çykyş edenler şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini nygtadylar. Goňşuçylyk, araçylyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelere esaslanýan bu dereje giň halkara ykrarnamasyny gazandy. Onuň aýdyň subutnamasy bolup her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni çykyş edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyň kanunalaýyk dowamy hökmünde şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda ýokary derejeli Halkara forumy geçiriler.

Maslahata gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ählumumy dialogy ösdürmekde we parahatçylyk, durnuklylyk hem-de gülläp ösüş ugrunda özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

Mundan başga-da, myhmanlara Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgy görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Çilimi gadagan eden ilkinji ýurt

Ata Watan Eserleri

Afrika Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri

Germaniýada Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri: 12 ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi