BIZNES

Birža täzelikleri:geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we awiakerosini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Mundan başga-da, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 29 million 826 müň dollaryndan gowrak boldy.

Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri 3 million 960 müň manatlyk saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gaplaýyş plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny, pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 48 million 626 müň manatlykdan gowrak boldy.

Italiýada okuw: Resminamalar üçin nirä ýüz tutmaly?

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler