BIZNES

Birža täzelikleri: türk işewürleri nah ýüplük aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 754 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 17 million 508 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 22 million 400 müň manada deň bolan, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler