BIZNES

Birža täzelikleri: türk işewürleri dokma önümlerini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, nah mata we ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 799 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 89 million 798 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylaryny, panbarhat we nah matalary, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder