BIZNES

Birža täzelikleri: Singapuryň telekeçileri tehnik kükürdü satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyňwe Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de polipropileni, Gonkongyň we Singapuryň telekeçileri bolsa degişlilikde polietileni we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjanyň telekeçilerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri hem-de nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 168 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 5 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň50 müň dollaryna deň bolan portland sementini satyn aldylar.

 

5-nji iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder