BIZNES

Birža täzelikleri: özbek işewürleri uçar kerosinini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 32 million 617 müň manatdan gowrak boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder