BIZNES

Birža täzelikleri: Omanyň telekeçileri hlorly kalini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Singapuryň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Omanyň telekeçileri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen ownuk däneli hlorly kalini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 30 million 302 müň dollaryndan gowrak boldy. Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 94 million 499 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 1 million 250 müň manada deň boldy.

 

Ýewro-2020: 28-nji iýundaky duşuşyklar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder