BIZNES

Birža täzelikleri: gyrgyz telekeçileri nah ýüplük aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Serbiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, reňklenen tüýjümek önümler we buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň34 million dollaryndan gowrak boldy.

BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 30 million 145 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million manatlyga golaý bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

 

7-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder