BIZNES

Birža täzelikleri: Gonkongyň telekeçileri nebit önümlerine isleg bildirdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine jins matalary, nah ýüplük, float aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 474 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 21 million 525 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 408 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumyny, el haly işlerini satyn aldylar.

 

ABŞ serhetlerini açmagy meýilleşdirýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler