BIZNES

Birža täzelikleri: gonkongyň telekeçileri dizel ýangyjyny satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gonkongyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologik enjamlarynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 78 million 89 müň dollaryndan gowrak boldy.

Şeýle hem Hindistanyň, BAE-niň telekeçilerine manat serişdelerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 223 müň manada deň boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 50 million 589 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýol bitumyny, el halylaryny satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy