Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy esasynda 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli halkara maslahat geçirildi.
Halkara maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym J.Ratna, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym M. Hazarika Bhagati, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi A.Hanžin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri A.Burunow, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Halkara derejeli emin, Halkara derejeli sport ussady Ş.Mammedow dagylar çykyş etdiler.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde ençeme Kararnamalar hem-de Rezolýusiýalar yzygiderli kabul edilýär. BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan şeýle Kararnamanyň kabul edilmegi hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy ähli halkymyzda, aýratyn hem, ýaş nesillerde egsilmez şatlyk döretdi.
Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.