BIZNES

Bir günde 6 milliard dollarlyk girdeji

ABŞ-nyň “Amazon” kompaniýasynyň  ýolbaşçysy Jeff Bezos bir günde 6,5 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär. Neşiriň bellemegine görä, onuň baýlygy 5 göterim ýokarlanyp, 138 milliard dollara barabar boldy.

Bezosyň ozalky aýaly Makenzie Bezos hem dünýäniň iň baý zenanlaryň sanawyndaky ornuny iki milliarddan gowrak artdyrdy. Bu ýagdaý “Amazon” kompaniýasynyň paýnamalarynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.

Sişenbe güni geçirilen birža söwdalarynda paýnamalaryň bahasy 5 göterimden gowrak artdy . Netijede, maýadarlar gymmatly kagyzynyň biriniň bahasy 2283 dollar deň boldy.  Bu hem adamlaryň öýde bolýan döwründe kompaniýanyň işleriniň öňe gidýändiginiň subutnamasydyr.

Bölek satuw dükanlarynyň ýapylmagy netijesinde onlaýn sargytlaryň möçberi ep-esli ýokarlandy. Mundan başga-da, haryt dolanyşygynyň öňüni almak üçin kompaniýa 200 müňe golaý işgäriň goşmaça işe alynjakdygyny we sagatlyk zähmet hakynyň iki dollar ýokarlandyryljakdygyny habar berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder