SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bir döwlet Haj zyýaratyndan çekildi

Indoneziýanyň Din işleri boýunça ministrligi koronowirus pandemiýasy sebäpli ýurduň raýatlarynyň bu ýyl Haj zyýaratyny amala aşyrmajakdygyny habar berdi.

Bu barada ministr Ýokut Çolil Kumasyň beýanatynda hem şeýle diýilýär:

«Pandemiýa sebäpli we raýatlarymyzyň howpsuzlygyny nazarda tutup, Hökümet bu ýyl inzoneziýalylaryň Haj zyýaratyny barmazlygyny makul bildi».

Ministriň aýtmagyna görä, şu ýylky zyýarat üçin töleg geçirip goýanlaryň islegi indiki ýyl kanagatlandyrylar.

Ýeri gelende aýtsak, Saud Arabystany heniz şu ýyl üçin Haj kwotasyny yglan edenok. Pandemiýadan ozal ýurda her ýyl 2,5 million zyýaratçy gelýärdi. Resmi maglumatlara görä, her ýyl Haj möwsümi ýurda ABŞ-nyň 12 milliard dollary möçberinde girdeji getirýär.

 

Indzagi “Interiň” täze tälimçisi boldy

 

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar