TEHNOLOGIÝA

Bioýangyçly uçar önümçiligi

ABŞ-nyň awiagurluşyk kompaniýasy “Boeing” 2030-njy ýyldan başlap, täjirçilik maksatly uçarlarynda bioýangyçlaryň ulanylyp başlajakdygyny mälim etdi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Munuň üçin kompaniýa uçar hereketlendirijileriniň ulgamlaryny kämilleşdirmegi we uçuşlarda bioýangyjyny ulanmak üçin global awiasiýa düzgünleşdirijilerinden şahadatnama almagy meýilleşdirýär.

Mälim bolşy ýaly, “FedEx” kompaniýasynyň “Boeing 777” kysymly uçary ilkinji synag uçuşyny 2018-nji ýylda 100% bioýangyç bilen amala aşyrypdy.

Häzirki düzgünlere laýyklykda yzygiderli uçuşlar üçin iň ýokary bioýangyç mukdary 50%, galan 50% awiasiýa ýangyjydyr.

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň habaryna görä, bioýangyjyň ulanylmagy atmosfera goýberilýän hapa gazlaryň zyňyndylaryny 80% azaldar.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Çempionlar Ligasynyň finaly 29-njy awgustda geçirilip bilner

 

 

 

Ýene-de okaň

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov