JEMGYÝET

Biometriki pasport almak üçin talap edilýän resminamalar

  1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasportyny almak (çalyşmak) üçin arzasy;
  2. 30mm x 40mm ölçegde bir sany reňkli surat (suratyň arka tarapy ak reňkde);
  3. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we onuň nusgasy (16 ýaşyna ýeten raýatlar üçin);
  4. Dogluş hakynda şahadatnama we onuň nusgasy (raýatyň dogluş hakynda şahadatnamasy hem-de dogluş hakynda nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň  ýokdugy baradaky delilhaty);
  5. Hemişelik ýaşaýan ýeri hakynda 1 aý möhlet bilen delilhaty (Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlaryndan delilhaty talap edilmeýär);
  6. Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlarynyň  daşary ýurt döwletinde ýaşaýandygyny tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
  7. Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama we onuň nusgasy (raýatyň nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamasy hem-de nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakyndaky nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň ýokdugy baradaky delilhaty);
  8. Harby bilet  we onuň nusgasy ýa-da harby gulluga degişliligi barada harby wekillikden  kepilnama (harby gullukçylar üçin gulluk şahsyýetnamasy);
  9. Harby gullukçylar üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň rugsat haty  (hereket edýän möhleti 6  aý);
  10. Türkmenistanyň  raýatynyň  Türkmenistandan  gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasportyny almak  (çalyşmak) üçin döwlet pajynyň töleg kagyzy ýa-da pasport almak (çalyşmak) üçin döwlet pajyny  tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama;
  11. 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-eneleriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary we olaryň nusgalary;
  12.  16 ýaşyna ýetmedik çagalara Türkmenistanyň  raýatynyň  Türkmenistandan  gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasporty resmileşdirilende, aýratyn halatlarda, aşakdaky resminamalar talap edilip bilner:

Çaganyň atasy hakyndaky maglumatlar çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynda çaganyň enesiniň arzasy esasynda görkezilen halatynda, RÝNÝ edaralary ýa-da daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen  27-nji görnüşdäki  kepilnama;

Çaganyň  ata-enesiniň ikisi  ýa-da olaryň  biri  aradan  çykan halatynda, aradan çykan ata-enäniň ölüm hakynda şahadatnamasy we ata-enesiniň  biriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny almak baradaky 1-nji görnüşindäki arzasynyň nusgasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri nam-nyşansyz gidendigi diýlip yglan edilen  halatynda, şahsyň  nam- nyşansyz gidendigini tassyklaýan resminama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri  ata-enelik hukugyndan mahrum edilen halatynda,   ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň   ata-enelik hukugyndan mahrum edilendigi barada resminama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri  raýatlygy bolmadyk adam bolan halatynda,  çaganyň  ata-enesiniň  biriniň  raýatlygy  bolmadyk  adamyň  şahsyýetnamasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň  biri tussag edilen halatynda, tussag edilendigini  tassyklaýan  resminama we  pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;

Çaganyň  ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri  Türkmenistanyň çäklerinden hemişelik ýaşamak üçin daşary ýurt döwletine  giden halatynda, pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;

Çaganyň   ata-enesiniň  nikasy  bozulan  halatynda,  Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan  ata-enesiniň  biriniň Türkmenistanyň raýatynyň  pasporty  we ata-enesiniň   beýlekisiniň  pasportynyň   nusgasy.

13. 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň beýleki daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň)  pasporty (pasportlary) ýa-da onuň nusgasy (nusgalary), şol resminamalar bar  bolan halatynda;

14. Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň wekilliginiň hukugyny (kanunylygyny)  tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;

15. Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň pasporty we onuň nusgasy;

16. Şahsy maglumatlaryny üýtgeden raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;

17. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty ýitirilen ýa-da ogurlanan halatynda:

Türkmenistanyň çäklerinde: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan berlen kepilnama;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen kepilnama, şeýle hem  daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk  edaralary  tarapyndan  berlen  ýurduna  dolanyp barmak üçin şahadatnama  ýa-da onuň nusgasy;

18. Pasport almak üçin ýüz tutýan adamyň barmak yzynyň (yzlarynyň) alynmagyna, şeýle hem onuň goluny çekmäge päsgel berýän ýagdaýlaryň bardygyny güwä geçýän degişli  resminama  ýa-da  lukmançylyk delilhatlary;

19. Daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) raýatynyň pasporty (pasportlary) ýa-da onuň (olaryň) ornuny tutýan resminamasy we onuň nusgasy, şol resminamalar bar bolan halatynda;

20. Zerur  halatlarda  beýleki  resminamalar  hem talap edilip bilner.

Bellik:  Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyna laýyklykda arzaçy tarapyndan haýsydyr bir resminama berilmäge mümkinçilik bolmadyk halatynda  onuň arzasy we oňa goşulan beýleki resminamalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň  rugsady boýunça  kabul edilip bilner.

 

Migrasiýa baradaky habarlary okamak üçin

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

Resmi Instagram Hesabımız için :

https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/

Resmi  Facebook Hesabımız için  :

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :

https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

IMO Hesabı : +993 65 80 24 70

 

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri