SPORT

Bill Geýtsiň Tokio oýunlary baradaky pikiri

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts “Kiodo” ýapon habarlar agentligi bilen gurnan söhbetdeşliginde, Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň ykbaly koronawirus keseline garşy öndürilýän sanjymlaryna bagly bolar diýip belleýär.

Şeýle hem Bill Geýts: “Öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda sanjym üpjünçiliginiň netijesi bilen tanyşmaly bolarys, eger-de hemme zat gowy bolsa, onda Olimpiýa oýunlaryny geçirip bolar” diýip, belleýär.

Iki hepde mundan ozal Bill Geýts Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga bilen koronawirus keseliniň meselesini we Olimpiýa oýunlaryny geçirmek baradaky meselelerini telefon arkaly gürleşdi diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýärler. Premýer-ministr Suga we Geýts arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlikde Olimpiýa oýunlarynyň howpsuz geçirilmegini üpjün etmek üçin ösýän ýurtlarda koronawirus sanjymyny paýlamagyň zerurlygy barada ylalaşyldy diýip, “Kiodo” ýapon agentligi habar berýär.

Bill Geýts we onuň maşgalasy Melinda Geýtsiň bilelikdäki gaznasy koronawirus keseline garşy ylmy-barlaglary geçirmek, sanjym oýlap tapmak we keseliň bejergisini gurnamak işleri üçin takmynan 1,75 milliard dollar pul möçberinde maliýe kömegini gönükdiripdir. Ýaňy-ýakynda Bill Geýts koronawirus keseline garşy sanjymy hem etdiripdi.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov