BIZNES

Bill Geýtsden arassa energiýa üçin 15 milliard dollar maýa goýumy

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts tarapyndan goldanýan hususy jemgyýetçilik gaznasy bolan “Breakthrough Energy Catalyst” ABŞ, Angliýa we Ýewropa Bileleşigi boýunça arassa energiýa tehnologiýa taslamalaryna 15 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.Dünýäniň iň baýlaryndan biri bolan Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts tarapyndan goldanýan klimat gaznasynyň arassa energiýa üçin 15 milliard dollar maýa goýjakdygy mälim edildi.2015-nji ýylda Geýts tarapyndan esaslandyrylan “Breakthrough Energy Group” -yň bir bölegi bolan “Breakthrough Energy Catalyst” (BEC) gaznasy şu güne çenli kärhanalardan we haýyr-sahawat guramalaryndan 1,5 milliard dollardan gowrak pul toplasa-da, baş müdir Jonah Goldman “Financial Times” gazetine bu gaznanyň aýdylan mukdaryndan hem birnäçe esse köp (15 milliard dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.Goldman gaznanyň innowasiýa maliýe gurluşlaryny we hyzmatdaşlyk şertnamalaryny 15 milliard dollar paýlamak üçin ulanmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. “Biz hakykatdanam haýsy tehnologiki ýollaryň has täsirli boljakdygyny görkezmäge synanyşýarys” diýip beýan etdi.

“Breakthrough Energy” öz web sahypasyndaky “BEC”-ni pes uglerodly ykdysadyýeti goldajak täze çözgütleri nädip maliýeleşdirip, öndürip we satyn alyp biljekdigimizi görkezýän programma hökmünde häsiýetlendirýär.“BEC”-iň ilki bilen göni arassa howany ele almak, ýaşyl wodorod, uzak möhletli energiýa saklamagy we awiasiýa ýangyjyna ünsi jemlejekdigi nygtaldy.“Financial Times” gazeti, maliýe taýdan durmuşa geçirip bolmajak esasy taslamalara maýa goýmagy meýilleşdirýän gaznanyň haýyr-sahawat sadakalaryny, bazara deň maýa goýumlaryny we önüm satyn almak şertnamalaryny amala aşyrjakdygyny aýtdy.“BEC” sentýabr aýynda ABŞ-nyň energetika ministrliginiň we ÝB-niň ýerine ýetirijisi bolan Ýewropa Komissiýasynyň goldawy bilen “Microsoft”, “BlackRock”, “General Motors”, Amerikan Howaýollary, “Boston Consulting Group”, “Bank of America” we “ArcelorMittal”-dan maýa goýumlaryny alandygyny habar berdi.

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

 

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler