SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Srdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, degişli döwürde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy.

Mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalara döwrebap terbiýe berilýär. Olary mekdebe taýýarlamakda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Okatmagyň usulyýeti nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirilýär. Ylmy-amaly maslahatlar, «Iň gowy orta mekdep», «Iň gowy çagalar bagy», «Iň gowy mekdep kitaphanasy», «Iň gowy okuw otagy», «Iň gowy topar otagy», «Ýylyň mugallymy», «Ýylyň terbiýeçisi» ýaly dürli bäsleşikler guramaçylykly geçirilýär. Ylmy-usuly işler, öwrediji, sapagy berkidiji maksatnamalar taýýarlanylyp, mugallymlara ýetirilýär.

Zehinli çagalaryň arasynda guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz, mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça taslama we ders bäsleşikleri arkaly täze zehinler ýüze çykarylýar. Geçen ýyl mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar jemi 826 medal gazandylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny şöhratlandyran üstünlikler barada döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda buýsançly sözler beýan edilip, olaryň sanawynyň ýerleşdirilmegi has-da guwandyryjy boldy. Munuň özi mekdep okuwçylarynydyr talyplary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

2023-nji ýylda ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 199, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 780 talyp kabul edilip, ýaşlaryň bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Gunça Şiriýewa,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – türkmen şygryýetiniň zergäri

Syýahatçylyk pudagy ösüş ýolunda

Ykdysady özgertmeler – ösüşleriň binýady

Horezimşalar döwletinde nika gatnaşyklarynda Türkan hatynyň orny

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Okatmakda innowasion usullaryň we daşary ýurt dilleriniň täsirleri