SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar geljegimizdir

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermekde mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde bilim ulgamynda ösüş-özgerişler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim almaga, okamaga, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge ähli mümkinçilikler bar. Döwletimiziň bilim kuwwatyny artdyrmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda ýurdumyzda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we olaryň kämil ýaşlar bolup ýetişmegi üçin bilim ojaklarynyň ençemesi interaktiw tagtalarydyr kompýuterleri bilen enjamlaşdyryldy. Munuň özi ýaş nesil baradaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirip, ýaş nesilleriň aň we bilim taýdan döwür bilen aýakdaş gitmelidigini aýratyn belläp geçýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp, ulanylmaga berilýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, giň we ýagty otagly ak mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport we sagaldyş dynç alyş merkezleriniň sanynyň barha artmagy ýaşlar barada edilýän aladanyň çäksizdigini subut edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Akyl ylmyň hyrydary», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ylym — akylyň ýarysy», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly jümleler beýan edilýär.

Nakyllar halkyň durmuş tejribesi, ýaşaýşy bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan pähimler halkymyzyň ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip ýetişdirmek bilen bagly durmuş tejribesiniň netijesidir. Şeýle asylly ýörelgeler bu günki günde möhüm ugurlaryň birine öwrülýär. Çünki türkmen halky ýedi hazynanyň birini ylym-bilim bilen baglanyşdyrýar. Munuň özi halkymyzyň ylma-bilime nähili sarpa goýýandygyny görkezýär. Bu asylly ýörelgäni dowam etmek bilen, ýaşlarymyza ylmyň iň täze gazananlary, täze tehnologiýalar, sanly mümkinçilikler çuňňur öwredilýär.

Şahlo Babamuratowa,
Ylym we bilim işgärleriniñ kärdeşler arkalaşygynyñ Köytendag etrap Geñeşiniñ hünärmeni.

 

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen çagyrdy

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika