SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar geljegimizdir

Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär.

Şoňa görä-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Bilim ulgamynda, milli ykdysadyýetimizde dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň innowasiýalaryna daýanyp, iri durmuş-ykdysady bähbitli taslamalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Diýarymyzda ylym pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady, gurluşy we bu ugurdaky kadalaşdyryjy hukuk esasy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ylmy edaralarynda häzirki zaman ylymlaryndan we täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän alymlaryň we hünärmenleriň işlemegi üçin döredilýän mümkinçilikler buýsandyrýar.

Ýurdumyzy ösdürmek boýunça maksatnamalarda adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ylym pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.

 Döwrüň ösýän, öňe girýän günlerinde innowasion tehnologiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşmagy bilen dünýä dillerini öwrenmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Köp dil bilmek dünýäniň dürli ýurtlary bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylmagy, ylmyň gazananlarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Köp dil bilmek babatynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi daşary ýurt dillerini öwrenmäge döwlet derejesinde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi.

Eziz Diýarymyzda halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli ugurlarynyň artdyrylmagy hem-de bu ugurda amal edilýän uly işler ähli üstünliklerimiziň özeni bolup durýar. Şeýle uly mümkinçiliklerden giňişleýin peýdalanýan ýaşlar ýurdumyzyň ykdysadyýetine, senagatyna degişli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ugrunda gazanylýan ösüşlere uly goşant goşýarlar.

Aýna Meredowa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.

 

«Açyk gapylar»: Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty