SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar-döwrümiziň geljegi

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz gül­läp ös­ýär. Ýaş ne­sil­le­ri­miz wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nip, ola­ryň döw­re­bap bi­lim­ler­den we dür­li ugur­lar­dan baş çy­kar­ýan us­sat­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Ylym we bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, döwletiň geljegi, jemgyýetiň ösüş tapgyrlary köp babatda ylymly, bilimli ýaş nesillere baglydyr.

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ösüp gel­ýän ýaş nes­le döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek üçin has amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, döw­re­bap okuw mek­dep­le­ri­niň gu­rul­ma­gy, okuw-teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün edil­me­gi ýaş­la­ryň dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­gyna, dün­ýä­ga­raý­şy­ny gi­ňelt­me­gine, giň möç­ber­li bi­li­miň ösü­şi­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­ga, ýur­duň ägirt uly kuw­wa­ty­ny do­ly dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Okat­ma­gyň in­te­rak­tiw usul­la­ryn­dan peý­da­lan­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi ýaş­la­ryň yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny üs­tün­lik­li öz­leş­dir­megine, göz­ýe­ti­mi­ni gi­ňelt­mä­ge, ylym äle­mi­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny dö­ret­mä­ge giň ýol aç­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­me­gi bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň ylym­da we bi­lim­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni dün­ýä ýü­zü­ne gör­kez­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len dün­ýä­niň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Mil­li bi­lim ul­ga­my in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar, dün­ýä tej­ri­be­si, bi­lim por­tal­la­ry, tä­ze usu­ly­ýet esas­la­ry bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» we ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň Me­ýil­na­ma­sy bo­ýun­ça düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry, or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de we or­ta bi­lim ber­ýän mek­dep­ler­de hem-de mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ýaş­la­ra bi­lim we ter­bi­ýe ber­li­şi­niň hi­li go­wu­lan­dy­ryl­ýar. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ta­lyp­la­ra hü­när öw­re­di­li­şi­niň de­re­je­si ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.

Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi. Türkmen halkynyň döredijilik ýol-ýörelgesiniň mizemez binýady hem hut ýaşlaryň elindedir. Olar milletimiziň mertebesidir, şöhratly taryhymyzyň baky dowamatydyr. Ykbaly gülläp, bagt guşy asuda asmanynda ganat ýaýan türkmen ýaşlarynyň bu günki günde ümzügi ileri, maksatlary aýdyňdyr. Ol aýdyňlyk bolsa türkmen halkynyň geljegini şöhlelendirjek bilimli ýaşlardyr.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bizi juda begendirýär we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýaş nesillerimizi ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşap, olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Muhabbet Döwletowa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany