Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýola goýulýar we ösdürilýär.
Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerinde bilim ulgamy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen has belent sepgitleri nazarlaýar. Elbetde, geljek ýaşlaryňky, geljekde ýurdumyzy ösdürmeli şu günki ýaşlar. Şu jähetden hem, bilim ulgamyndaky ösüşler aýratyn mana eýe bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hem dürli dabaralara, ýetilen üstünlikleri görkezýän çärelere giň gerim berildi.
Ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň abraýy has-da belende galýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilim özgertmelerini işjeň ornaşdyrmak, şeýle hem okatmagyň täzeçil usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen halkara reýting guramalarynyň sanawyna girmegi başarýar. Golaýda Beýik Britaniýanyň “Times Higher Education” agentligi tarapyndan Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň 2025-nji ýyl üçin (World University Ranking 2025) netijeleri neşir edildi. Şu ýyl reýtingiň düzümine girýän ýokary okuw mekdepleriň sany ýene-de köpeldi. Sanawa jemi 2092 uniwersitet girdi hem-de geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 185 gatnaşyjy köp hasaba alyndy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingine goşulmak barada berýän möhüm tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işleriň netijesinde ýurdumyzyň köp sanly ýokary okuw mekdebi bu abraýly sanawda habarçy derejesine eýe boldular. Olaryň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersiteti bar.
Bu möhüm üstünlik, ýokary okuw mekdeplerine halkara giňişliginde gyzyklanmanyň artýandygyny we bilim ulgamynyň ýokary ygtybarlylygyny hem-de gelejeginiň uludygyny görkezýär.
Şeýle hem bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Italiýa Respublikasynyň Perujanyň daşary ýurtlylar üçin uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabarasy geçirildi.
Bägül Bakyýewa, TMDDI-niň talyby.