Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa ýaş türkmenistanlylaryň täze taryhy döwürde kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan höweslerini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň degişli ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk saklamagy bolsa, milli bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi” atly sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly ýokary derejede geçirildi.
Halkara ylmy-amaly onlaýn maslahatyň işi umumy mejlisde we 3 bölümde ýagny, “Himiýa senagatynyň ösüş ugurlary”, “Gazhimiýa senagatynda innowasion tehnologiýalar” we “Himiýa we gazhimiýa senagatlarynyň ykdysady we ekologiki meseleleri” atly bölümlerde geçirildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly geçirilen bu ylmy-amaly maslahata 18 döwletden, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Katar döwletiniň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ermenistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň jemi 34 sany daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar, alymlar, aspirantlar we talyp ýaşlar, şeýle hem “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd”, “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.”, “Eni Türkmenistan Limited” kompaniýalaryň, Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) hünärmenleri we ýurdumyzyň 9 sany edara-kärhanalarynyň, zawodlarynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde uniwersitetde “Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” Türkmen tarapyndan hem-de “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy tarapyndan gol çekmek dabarasy geçirildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “Petronas” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Tehnologik uniwersitetiň professor-mugallymlary tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan innowasion tehnologiýalar we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça yzygiderli onlaýn okuwlar gurnalýar. Häzirki wagtda Tehnologik uniwersitetiň 4 sany professory uniwersitetde mugallymlar we talyp ýaşlar üçin dürli temalar boýunça bir hepdelik umumy okuw sapaklaryny geçýärler.
Gol çekilen Ähtnamanyň esasynda nebitgaz, geologiýa-gözleg, himiki tehnologiýa, sanly ykdysadyýet ugurlary bilen bir hatarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ýaşyl energetika, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologik meseleler boýunça bilelikde ylmy-barlag, taslama işlerini ýerine ýetirmegiň gerimini giňeltmek we ösdürmek, profesor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijelerini halkara indekslenýän ylmy žurnallarda bilelikde çap etmek göz öňünde tutulýar.
Jeren Orazmuhammedowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “D” toparynyň talyby.