Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy ýatdan çykmajak taryhy-syýasy ähmiýetli buýsançly waka boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary üçin hem, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin hem gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasy hasaplanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagynda beýan eden gymmatly pikirleri, çuňňur mazmunly öwüt-ündewleri we maslahatlary eziz Watanymyzy ýakyn geljekde has-da belent sepgitlere ýetirmekde we depginli ösdürmekde öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly geçen umumy sapagy bilim işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup, ýaş nesle mynasyp edep-terbiýe bermekde, hünärleri öwretmekde jogapkärli wezipeleri öňde goýýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär, olara döwrebap bilimleri özleşdirmäge ähli şertler bar. Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, sanly bilimiň ösdürilmegi döwrebap mümkinçiliklerden habar berýär. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär, bu ulgamyň dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda bimöçber aladalar edýär. Bilim ulgamy ýurduň ösüşini kesgitleýän esasy ulgamlaryň biridir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine möhüm ugurlaryň biri hökmünde garalýar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, höwes edýän hünärlerini ele almaklary, ylmy-intellektual, medeni, sport we döredijilik taýdan kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesle häzirki zaman ülňülerine gabat gelýän umumy orta we ýokary bilimiň berilmegi, sanly bilim ulgamynyň hem innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmegi, daşary ýurt dilleriniň okadylyş usullarynyň kämilleşdirilmegi, tebigy we takyk ugurlara degişli dersleriň çuňlaşdyrylyp okadylmagy babatynda ýerine ýetirilýän işler öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda her ýyl bilim edaralarynyň binalarynyň ençemesi gurlup ulanmaga berilýär.
Ylym-bilime oňat düşünýän, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ussat hünärmenler ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Watansöýüji, zähmetsöýer, tutanýerli, ýokary hünär başarnykly, öz işiniň ussady bolup kämilleşmeklige ymtylýan ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, abraýyny has-da belende göterip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar. Ýaş nesle döwrebap bilim bermekde ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Wepageldi Ataýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň talyby.