Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri bagtyýarlyk döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar. Bu işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär.
Taryhy ösüşiň her tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär we ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyzyň kalbyny buýsanja beslemek bilen, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşleri gazanmakda her birimiziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň zerur şerti hökmünde kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem bu ugra gönükdirilen berk hukuk binýady döredildi. Bularyň hemmesi ösüşleri, röwşen geljegi nazarlaýar.
Häzirki döwürde sanly ulgam babatda ilatyň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak bu ugurda edilýän ägirt uly aladanyň miwesidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bilim ulgamy bilen bir wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak hem-de ýurtda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly ösüşler gazanyldy, şol bir wagtda bilim öwretmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, bilim ojaklarynda ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler ýola goýuldy.
Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyny aýdyň subut edýär.
Bähbit Annalyýew,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň Rus dili fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.