SIZDEN GELENLER

Bilim — kämillige badalga

Ýaş nesillere döwrüň talabyna laýyklykda bilim-terbiýe bermek, olaryň Watana wepaly, ilhalar, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ökdelik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň bu tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirmek, elbetde, ilkinji nobatda, biziň — bilim işgärleriniň esasy borjudyr.

Häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, şol sanda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar.

 Hünärli ýaşlar bolsa Watanymyzyň daýanjydyr. Olar özleriniň ýokary başarnyklary, ukyplary, döredijilikli zähmet çekmäge egsilmez hyjuwlary bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrlar. Şeýle döwrebap ýaşlary taýýarlamak işine biziň mekdebimizde hem netijeli gatnaşylýar.

 Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ukyp-zehinlerini ýüze çykarmaklary, birnäçe daşary ýurt dillerini gowy özleşdirmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi bu ugurda täze özgertmelere badalga berdi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň her bir basgançagynda işleýän mugallymlary döredijilikli işlemäge ugrukdyryp, daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmagy, öwretmegiň dürli usullaryndan peýdalanmagy, ýaşlaryň dilleri kämil özleşdirmeklerine ýardam bermegi nazarlaýar.

Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmäge höwes bildirýän ýaşlar barha artýar. Bilim ojaklarynda dil bilimini çuň öwretmek üçin ýaşlaryň okadylyş, diňleýiş, gepleýiş endiklerini kämilleşdirmek üçin dürli usullar gözlenilýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek şahsyýetiň gözýetimini has-da giňeldýär, bilimini has kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Talyp ýaşlara dil öwretmekde dürli usullardan peýdalanylýar. Daşary ýurt dilleri öwredilende, audioýazgylardan we wideoýazgylardan peýdalanylmagy örän peýdalydyr. Dil öwrenmekde bu usul yzygiderli ulanylanda, täze diliň gysga wagtda öwrenilmegine, bu dilde arassa gürlenip başlanmagyna ýardam berýär.

Da­şa­ry ýurt di­lin­de söz­leý­şi öw­ret­mek we ös­dür­mek, il­kin­ji no­bat­da, oka­dyl­ýan di­li funk­sio­nal nuk­daý­na­zar­dan öw­ren­me­gi, öw­re­nil­ýän di­liň bir­lik­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän hyz­mat­la­ry­ny anyk­la­ma­gy we ola­ry öw­ret­me­giň in­ten­siw we iş­jeň usul­la­ry­ny iş­läp düz­me­gi ta­lap ed­ýär. Şu jä­het­den, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­na iňlis di­li­niň gi­ňiş­lik gat­na­şyk­la­ry­ny aň­lad­ýan dil se­riş­de­le­ri­ni öw­ret­me­giň uly äh­mi­ýe­ti bar. Mu­nuň üçin, il­ki bi­len, yl­myň dür­li ugur­la­ryn­da gi­ňiş­lik dü­şün­je­si­ne bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry sel­jer­mek bi­len dil bi­li­min­de, esa­san hem, di­liň gram­ma­ti­ka­syn­da gi­ňiş­lik funk­sio­nal-se­man­tik meý­da­ny­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny kes­git­le­mek ze­rur­dyr.

Iňlis dilini öwretmekde lingafon otaglarynyň hem uly ähmiýeti bardyr. Sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan otaglarda talyplar sözleri diňlemäge mümkinçilik alýarlar we olaryň dürs aýdylyşyny, orfoepiýa kadalaryny tiz özleşdirýärler. Iňlis dilindäki sözlemleri diňlemek bilen talyplar sözleri baglanyşdyrmagyň, iňlis dilinde pikiriňi beýan etmegiň ugurlaryny öwrenýärler. Bu usul okuwçynyň aňynda göni aragatnaşygy şekillendirýär. Şeýle ýagdaýda olar iňlis dilinde gürleşmegi, pikir alyşmagy tiz özleşdirýärler.

Islendik dilde şol halkyň ruhy dünýäsi, medeniýeti aýdyň şöhlelenýär. Munuň özi dünýä dillerini öwrenmek arkaly dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, ýaşlaryň dil öwrenmekleri olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeldýär, täze mümkinçiliklere eýe edýär.

Ýurdumyzyň geljeginiň ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlardadygyny, olaryň hünär başarnygyndadygyny aýratyn bellemek gerek. Ýaşlary şeýle kämil derejede ýetişdirmekde olaryň ylym-bilimini ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Nurtäç Belekowa,

S.A. Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri