MEDENIÝET

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy

Amerikaly aýdymçy Beýonse XXI asyryň meşhur pop-ýyldyzy hökmünde ykrar edildi. Ol bu ugurda Teýlof Swift, Rianna, Ledi Gaga, Adel, Britni Spirs ýaly meşhur aýdymçylardan öňe saýlandy.

43-nji ýaşyndaky Beýonseni XXI asyryň meşhur aýdymçylarynyň sanawynda birinji orna Amerikanyň saz senagatyna bagyşlanyp, çap edilýän “Billboard” žurnaly goýdy. Teýlor Swift sanawda ikinji orny eýeledi, bu hem onuň aýdym-saz muşdaklaryny gynandyrdy.

Neşiriň işgärleri täze ýüzýylyň meşhur pop-ýyldyzyny saýlanda aýdymçylaryň aýdym-saz sungatyna ýetiren täsirini göz öňünde tutdylar.

Teýlor Swift entek ýaş aýdymçylaryň biridigi, ýöne onuň statistiki görkezijiler boýunça Beýonseden öňdedigi bellenildi.

Beýonse 1990-njy ýyllaryň başlarynda meşhur boldy. Ol ilkinji bilen “Destiny’s Child” toparynda çykyş etdi. soňra toparyň dargamagy bilen ýekelikde aýdym aýdyp başlady we 5 sany “Gremmi” baýragyny gazandy.

2019-njy ýylda Beýonse “Forbes” žurnaly tarapyndan iň köp girdeji gazanýan aýdymçylaryň sanawyna goşuldy.

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty