SIZDEN GELENLER

Beýik Ýüpek ýolunyň  Sarahs – Merw şahasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda  milli taryhy-medeni, arheologiki ýadygärliklerimizi öwrenmek, gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek üçin edýän taýsyz tagallalary biz talyp-ýaşlary uly üstünliklere ruhlandyrýar. Bahasyny ölçäp bolmajak taryhy- medeni mirasymyz bolsa bu günki-gün halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandy hökmünde orta çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly iki tomdan ybarat bolan kitabyny türkmen halkyna peşgeş bermegi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen arheologik we binagärlik ýadygärliklerimizi, olar baradaky halk içinde ýaýran rowatlary öwrenmäge uly mümkinçilik berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň:”Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir” diýip, belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem-de Günbataryň medeniýetiniň ösüşinde uly orun eýeläpdir. Türkmenistan döwletimiz bolsa bu ýoluň çatrygynda ýerleşmek bilen onuň ýüregine öwrülipdir. Ýurdumyzyň haýsy künjüne ser salaňda-da, taryhy we arheologiki ýadygärlikleri görmek bolýar.

Şeýle ýerleriň biri bolsa gadymy Sarahs topragydyr. Sarahs – Beýik  Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen orta asyrlaryň iri, owadan we ykdysady taýdan ösen şäherleriň birine öwrülipdir. Bu ýerden Merwe, Nişapura (Eýran), Hyrada (Owganystan), Merweruda we Mänä kerwen ýoly geçipdir. Olardan Sarahs-Merw aralygy barada gürrüň edenimizde, IX-X asyrlarda onuň ugrunda bäş sany esasy duralganyň (Najaryň galasy, Uşturmagak, Tilsitan, Daňdanakan, Ýanujir) ýerleşendigi hakynda gündogar ýazarlarynyň işlerinde maglumatlar berilýär. Bu barada ibn Hordadbehiň bellemegine görä, Sarahsdan Merwe çenli kerwen
ýolunyň uzynlygy 30 farsaha, ýagny 187,5 kilometre barabar bolupdyr.

Ilkinji duralga, Sarahsdan 3 farsah uzaklykda ýerleşýän Najaryň galasy hasaplanýar. Sarahs oazisinde geçirilen ylmy-barlaglaryň esasynda, bu duralganyň galyndylarynyň saklanyp galan ýeri hökmünde Köne Sarahsdan 14 kilometr demirgazykda ýerleşýän Gökdepe ýadygärligi çaklanylýar.[1]

Häzirki döwürde Najaryň galasynyň (Gökdepe) harabalyklary we gurluşyk desgalarynyň galyndylary demirgazyga 1450-1500 metr töweregi, gündogardan günbatara bolsa 600 metr-e uzalyp, umumy meýdany 100 ga barabardyr. Galanyň demirgazygynda uly kerwensaraý toplumy ýerleşipdir. Häzirki döwre çenli şol kerwensaraýyň dört burçly howlusy saklanyp galypdyr.

Hordadbehiň belleýşi ýaly, Sarahs-Merw kerwen ýolunyň ikinji duralgasy Najaryň galasyndan 5 farsah uzaklykda ýerleşýän Uşturmagak mesgeni bolupdyr. G. Adykowyň XX asyryň 50-nji ýyllarynyň ortalarynda Sarahs oazisiniň demirgazygynda geçiren arheologik hem-de topografik barlaglary Sarahs galasyndan 40 km demirgazykda ýerleşýän, ilat arasynda Galaburun ady bilen belli bolan harabalygyň orta asyr ýazarlarynyň işindäki Uşturmagak bolandygyny görkezdi.[2] Galaburnuň meýdany 20 gektar bolup, onuň daş-töweregi diwarlar bilen gurşalypdyr. Galaburunda 10 sany uly bolmadyk kerwensaraý, köşk, bazar, hünärmentleriň ussahanalary we ýaşaýyş jaý toplumlary ýerleşipdir. Onuň gowy berkidilen iki sany diňli derwezesi bolupdyr.[3] Derwezeleriň biri galanyň günbatar, beýlekisi bolsa demirgazyk tarapynda ýerleşipdir.

 

Kerwen ýolunyň üçünji bir uly duralgasy Uşturmagakdan 6 farsah uzaklykda ýerleşýän Tilsitan bolupdyr. G. Adykowyň kesgitlemegine görä, Tilsitan soňky asyrlarda Howuzhangala diýip atlandyrylypdyr. Tilsitanda barlag geçiren arheologlaryň pikirine görä, bu ýerde-de ýaşaýyş VI-VII asyrlarda ýüze çykypdyr. XI asyrda ol ýerde ölçegleri 70×50 metr bolan gala gurlupdyr. Biraz soňrak galanyň günorta-günbatar tarapynda oňa degşirilip, ölçegleri 75×75 metr bolan kerwensaraý bina edilipdir. Bu ilatly mesgen mongol basybalyşlaryndan soň özüniň öňki ýagdaýyny saklap bilmändir. XV-XVI asyrlarda Tilsitan (Tilistan) ulanyşdan galyp, soňra harabalyga öwrülipdir.[4]

Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs-Merw aralygynyň dördünji duralgasy Tilsitandan  6 farsah uzaklykda ýerleşýän Daňdanakan bolupdyr. Daňdanakanyň harabalygy inedördül gornüşde bolup, onuň demirgazyk-gündogar tarapy 210 metre, demirgazyk-günbatar tarapy bolsa 216 metre barabardyr. Häzir depä öwrülip barýan bu gala 4,5 ga[5] barabar meýdany tutýar. Daňdanakan barada Ýakut hem şeýle maglumatlary ýazyp galdyrypdyr: “Daňdanakan şäheri Merwi-Şahyjana degişli bolup, ol ondan 10 farsah uzaklykda çölde ýerleşýär. Häzirki wagtda ýumrulan, onda rabatdan we minaradan başga hiç zat galmandyr. Ol Sarahs bilen Merwiň arasynda ýerleşýär. Men ony gördüm, onuň şäher bolandygyny görkezip duran diwarlaryndan we owadan ymaratlaryň galyndylaryndan başga hiç zady ýok. Ony çäge basyp ýumrupdyr we ilatyny göçmäge mejbur edipdir”.[6] Emma soňky döwürlerde geçirilen ylmy-barlag işleri Daňdanakanda XV asyra çenli uly bolmadyk möçberde ýaşaýşyň dowam edendigini görkezdi.

Ibn Hordadbehiň ýazmagyna görä, Sarahs-Merw kerwen ýolunyň iň soňky, bäşinji duralgasy Daňdanakandan 5 farsah gündogarda ýerleşen Ýanujird bolupdyr. Bu duralgany al-Ýakuby “Genugrid”, al-Makdisi “Jarujir”, Kudamy ibn-Jafar bolsa “Ýanujird” diýip atlandyrypdyrlar.

Ýakut bu duralga barada şeýle ýazypdyr: “Janujird Merwiň obalarynyň biri, ondan 5 farsah uzaklykda ýerleşýär. Ol ýerde Merw-Nişapur ýolunyň birinji kerwen duralgasy bar. Parslar ony “Genugird” diýip atlandyrýarlar. Meniň ol ýerde bolan döwrümde ol uludy, giň bazary, gowy jaýlary, owadan metjidi, üzümleri we bagy bardy. Men ony 614-nji ýylda (milady hasabynda 1217/18-nji ýyl) gördüm”.[7] Janujirdden ugran kerwenler 5 farsah ýol geçip Merwe barypdyr. Janujirdiň ýerinde häzirki döwürde Kelteminaryň harabalygynyň ýerleşendigini, ol ýerde arheologlar tarapyndan geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde subut edilipdir.

Dürli döwürlerde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde we ýazuw çeşmelerinde berilýän taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs-Merw aralygy iň gatnawly ýol bolupdyr. Onuň iň ösen döwri IX-XIII asyryň birinji çärýegine gabat gelýär. Bu döwürde Sarahs-Merw ýolunyň ugrunda ýerleşýän duralgalaryň, kerwensaraýlaryň we abadanlaşdyrylan ilatly ýerleriň sany  artypdyr. Şol duralgalarda we ilatly mesgenlerde bazarlar döräpdir. Emma mongol basybalyşlary döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs – Merw aralygynyň ugrunda ýerleşen köp sanly ululy-kiçili obalar, duralgalar, kerwensaraýlar ýumrulyp weýran edilipdir. XV asyryň birinji ýarymynda Horasanda Teýmirleňiň nesilleriniň agalygy döwründe birmahalky Sarahsyň üstünden geçýän halkara söwda ýolunyň Sarahs – Merw bölegini dikeltmäge synanyşyk edilipdir. Şol maksat bilen ýoluň ilatsyz, boşap galan obalaryna ilat dolanyp gelipdir. Bu ýerlerde guýular, sardobalar, kerwensaraýlar, kerpiç hem-de dürli gap-gaç önümleri bişirilýän küreler we şuňa menzeş zatlar gurlupdyr, emma Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs – Merw aralygynyň gatnawy soňky asyrlarda özüniň IX-XIII asyrlardaky kuwwatyna ýetip bilmändir.

Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  Beýik Ýüpek ýoly – dost-doganlygyň,   ykdysady-medeni gatnaşyklaryň ösdürilýän ýoly hökmünde täzeden janlandyrmak ugrunda alyp barýan döwlet bäрbitli her bir işleri rowaçlyklara beslensin!

Eneş BAZAROWA,

 Magtymguly adyndaky TDU-nyň  talyby

                                                                                         

[1] Адыков К.А. Главные станции на средневековом торговом пути из Серахса в Мерв.//Советская археология. – 1959. № 4.С. 214.

[2]Şol ýerde.-С.217.

[3] Оразов O. Археологические и архитектурные памятники Серахского оазиса. –A.:1973.С.86.

[4] Оразов O. Археологические и архитектурные памятники Серахского оазиса. –A.:1973. С. 88.

[5] Ершов С.А. Денданакан. // Краткое сообщение института истории, материальной культуры имени М. Я. Марра. Вып. Х.V.– 1947. С.128.

[6] Şol ýerde. – С. 421.

[7] МИТТ. Т. I. – М. Л.: 1939.С. 416.

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany