SIZDEN GELENLER

Beýik şahyryň belent sarpasy

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar.

Mejlisiň bu çözgüdi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şeýlelikde, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine halkara derejede taýýarlyk görmegiň çäklerindäki wakalar meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýar.

Türkmen halkynyň örän gadymy we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan gadymy Änew şäheri bolsa mynasyp derejede 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» karary esasynda, 2024-nji ýylda akyldar şahyryň 300 ýyllygy uly dabara bilen belleniler.

Hormatly Prezidentimiziň şu kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine degişli «Magtmguly portalyny» döretmek, şahyra degişli ahli maglumatlary özünde jemleýän sanly we neşir görnüşinde «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», sanly we neşir görnüşinde «Magtymguly Pyragy diwanyny», söz ussadynyň şygyrlarynyň daşary ýurt dillerine terjimesini sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak tabşyryldy.

Bu ylmy edaranyň öňünde Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri taýýarlamak we çap etmek, akyldar şahyryň edebi-ruhy mirasyny toplamak maksady bilen, Diýarymyzyň welaýatlaryna we daşary ýurtlara ylmy saparlary guramak, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmek we wagyz etmek işlerini degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda ýola goýmak meselesi goýuldy.

Magtymgulynyň ömrüne we edebi mirasyna degişli «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasynyň», «Magtymguly Pyragy diwanynyň», şahyryň şygyrlarynyň daşary ýurt dillerine terjimesiniň sanly we neşir görnüşinde taýýarlanylmagy türkmen sanly edebiýatynyň ösüşini has hem kämilleşdirer. Ylmyň we tehnologiýanyň ösüş depginine laýyklykda, ähli ulgamlaryň döwrebap, sazlaşykly ösüşine, sanly edebiýatyň jemgyýete ornaşmagyny çaltlandyrýan ugruň kemala gelmegine mümkinçilikler giňelýär.

Sanjar Rejepow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy