Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly taryhy ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyna 34 ýyl dolýar. Bagtyýar halkymyz bu şanly senäni agzybirlikde, ruhubelentlikde uly dabaralara besläp belleýär.
Geçen taryhy döwrüň içinde ýurdumyz düýpgöter özgerdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzüne dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris. Garaşsyzlyk ýyllarynda şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm taryhy waka boldy. Onda öňde duran wezipeleriň aýdyň kesgitlenilmegi türkmenistanlylaryň taryhy bähbitlerini goramaga, halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmäge, uly ykdysady ösüşleri gazanmaga ýardam eder.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň berkidilmegine, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň mundan beýläk-de artmagyna ýardam etjek syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna garaldy.
Hakykatdan-da, bu günki gün döwletimiz dünýä derejeli ösüşleri başdan geçirmek bilen, kuwwatly ykdysadyýete eýe bolan ýurt hökmünde öz mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Ak mermer binalary Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan merjen şäherimiz gözel Aşgabadyň, «akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda gurlan Arkadag şäheriniň, ähli welaýatlarda gurlup ulanmaga berilýän täze tipli obalaryňdyr şäherçeleriň ýaşamak, işlemek üçin amatly şertleridir mümkinçilikleri göreni haýrana goýýar. Dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen zawoddyr fabrikleriň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň, ýyladyşhanalaryň uly mümkinçilikleri döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyny şertlendirýär.
Bu günki gün halkymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanynyň bagtyýar raýatlary hökmünde buýsanýar, guwanýar, täze maksatlaryň ak ýoly bilen öňe tarap batly gadam urýar. Garaşsyz döwletimiziň hoşniýetlilik, ylalaşyklylyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň esasynda belent başlangyçlary bilen yzygider çykyş etmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şu ýyl döwletimiziň maliýe serişdelerinden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65,6 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 34,4 göterimi goýberildi. Ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda täze, döwrebap desga — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasy işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň bähbitleri ugrunda, ýurdumyzyň röwşen geljegi üçin alyp barýan dünýä nusgalyk işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Batyr Baýjanow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3NGPYD (B) talyby.
