DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň şa zenany koronawirus ýokanjy bilen keselledi

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II koronawirus ýokanjy bilen keselledi we muňa garamazdan, geljek hepdede käbir wezipelerini ýerine ýetirip biljekdigi mälim edildi. Bu barada Bukingem köşgi tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.

Bukingem köşgüniň beren maglumatyna görä, 95 ýaşly şa zenanynyň koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly lukmançylyk barlagynyň položitel çykandygy bellenildi.

Şa zenanynyň koronawirus ýokanjynyň ýeňil alamatlaryny başda geçirýändigi bellenilip geçildi.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Leýboristik partiýasynyň ýolbaşçysy Kir Starmer, içeri işler ministri Priti Patel we saglygy goraýyş ministri Sajid Jawid özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundan şa zenany Ýelizaweta II gysga wagtda koronawirus ýokanjyndan gutulyp, sagalmagyny arzuw etdiler.

Mälim bolşy ýaly, şa zenany Ýelizaweta II ilkinjileriň hatarynda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym aldy. Käbir neşirleriniň habar bermegine görä, şa zenanynyň 2 sany adaty sanjymy we 1 sany buster sanjymyny hem alandygy bellenilýär.

Bilşimiz ýaly, ozal tagtyň mirasdüşeri şazada Çarlz we onuň aýaly Kornuol gersoginasy Kamilla hem koronawirus ýokanjy bilen keselläpdi.

 

Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy Italiýa gowşuryldy

Ýene-de okaň

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi