BIZNESJEMGYÝET

Beýik Britaniýanyň “JCB” kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde möhüm ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu resminama maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, TSTB-niň ýolbaşçysy Döwran Hudaýberdiýew hem-de Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Alan Haýton gol çekdi.

Şeýlelikde, TSTB öz agzalary üçin “JCB” kompaniýasynyň önümlerini satyn almaga gyzyklanýandygyny tassyklady. Ýurdumyzyň işewürlik pudagynyň ösüşini goldaýan ministrlik, iňlis kompaniýasy bilen ýurdumyzyň hususy pudagynyň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýakyndan ýardym berer.

Bu resminama Beýik Britaniýanyň tehnikasyny we tehnologiýasyny satyn almak boýunça goşmaça şertnamalary baglaşmak üçin oňyn gepleşikleriň dowam etdirilmegine itergi berer.

Täze ýyladyşhanalar ulanmaga berler

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy